SYÝASAT
Brent nebitiniň bahasy ýene-de 100 dollardan geçdi
Deslapky gün aşaklamadan soň, anna güni irden nebitiň bahalary ýene-de ýokarlanýar diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri ýazýar.
Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, Brent nebitiniň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Londonyň ICE Futures biržasynda deslapky gündäkiden 0,79% ýokarlanyp, 100,12 dollara deň boldy. Penşenbe güni söwdalaşyklaryň netijesi boýunça bahalar 1,9% aşaklap, 99,34 dollara deň boldy.
WTI nebitiniň oktýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda 0,82% ýokarlanyp, 93,28 dollara deň boldy. Öňküsi gün bahalar 2,5% aşaklap, 92,52 dollara düşdi.
«Nebit treýderleri bary-ýogy iki zatda ünsüni jemleýär. Bu Eýran boýunça ýadro ylalaşygyny baglaşmak mümkinçiligi (ol bazara eýran nebitini dolap getirmäge mümkinçilik berer) we has wajyby OPEC ýurtlarynda nebit çykarylyşy — diýip, AvaTrade-iň uly bazar analitigi Naim Aslan belledi.
«Bazarda Eýran bilen ylalaşygyň baglaşylmak mümkinçiligi has ýokary diýen myş-myşlar bar, çünki ýurt käbir wajyp talaplaryndan el çekdi — diýip ol belledi. — ABŞ-nyň we onuň Ýewropadaky tarapdarlarynyň bu babatdaky garaýyşlary oňyn».
Şol bir wagtda OPEC-iň iri nebit öndürijisi bolan Saud Arabystany gurama tarapyndan nebit çykarylyşyny çäklendirmek hakynda gürrüň edip başlady diýip, bilermen belledi. «Bu bazara eýran nebitiniň dolanmagynyň isleg bilen teklibiň deňagramlylygyny bozup biler diýen howatyrlanmany köşeşdirmäge mümkinçilik berer» diýip Aslan belledi.
OPEC+-yň indiki mejlisi 5-nji sentýabrda geçiriler.