SYÝASAT
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metrine 3300 dollardan geçdi
Ýewropada gazyň spotlaýyn bahasy penşenbe güni agşam işjeň ösüşini dowam etdi. Ýewropa söwda sessiýasynyň ahyrynda bahalaryň ýokary göterilmegi aziýa bazarynda kotirowkalaryň ýokarlanmagynyň täsiriniň netijesi bolup durýar diýip, Interfaks habar berýär.
TTF-niň ýakyndaky fýuçersiniň bahasy ICE Futures biržasynda müň kub metrine 3312 dollara ýetdi.
Awgust aýynyň başyndan bäri TTF-niň ortaça bahasy 2323 dollara deň boldy, iýulda gaz müň kub etrine ortaça 1764 dollardan satyldy.
Gazyň bahasynyň taryhy maksimumy Ýewropada 2022-nji ýylyň 7-nji martynda bellige alyndy, şonda bahalar belli bir wagtda 3898 dollara çenli galdy.
Ýewropa turbageçiriji gazyny esasy iberijijleriň mümkinçilikleri tehniki taýdan çäklendirildi: Norwegiýada promysellerde arassalaýyş işleri dowam edýär, «Demirgazyk akymy» gaz geçirijisiniň kuwwatlyklary bolsa tehniki ideg tertibiniň bozulmagy sebäpli çäklendirildi.
Aziýaly satyn alyjylar şu ýylda erkin möçberleri ýewropalylara berip, spotda gazyň satyn alnyşyny tizleşdirip durmadylar. Emma gyşyň golaýlaşmagy bilen öz gaz ätiýaçlyklaryny düzmek wezipesi ör boýuna galar.