Sport
Sport syýasatynyň dabaralanmasy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan ösüş-özgerişleriň ýeňişli menzilleri rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty rowaç alýar. Döwletimiziň BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygy işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýene bir nygtamaly hakykat bolsa, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa eýe bolýar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda biz ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnama kabul edildi. Dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmeginde kabul edilen bu Kararnama onuň bütin adamzat üçin möhümdiginiň we örän uly ähmiýete eýediginiň beýany boldy. Elbetde, bu guwançly waka Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň giňden dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň Türkmenistan döwletimiziň sporty ösdürmekdäki alyp barýan işlerine dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen ýokary bahadygy buýsandyrýar. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz tarapyndan sport ulgamyny ösdürmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän işler ýurdumyzda sport ulgamynyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär. Onsoňam, Türkmenistan döwletimiziň diňe iri halkara ýaryşlarynda gatnaşmak bilen çäklenmän, sebit we halkara derejeli ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini bellemek ýakymly. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasy bolup, il-günümizi buýsandyrýar.
Taýýarlan:
Baýramaly etrabyndaky 2-nji sport mekdebiniň talimçisi
Mergen Durdymyradow