YLYM WE TEHNIKA
ASUDALYK ÖSÜŞLERIŇ GANATY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň sentýabr aýynyň dowamynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda kanun bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde «Asudalyk ösüşleriň ganaty» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Myrat Hanow, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Toýly Babaýew, Mary welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy Şöhrat Akgaýew, Türkmenistanyň Gyzylýarymaý Milli jemgyýetiniň işgäri Oguljuma Saparmuhammedowa, Mary Nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy IÝG-niň başlygy Selbi Hanowa hem-de mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar hakynda we Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesilleriň watana, il-halka wepaly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda etýän atalyk aladalary dogrusynda, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda geçirilýän medeni köpçülik çäreleri, Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesilleriniň ruhybelent, ylymly-bilimli, päk ahlakly, ata Watanymyza we halkymyza çuňňur wepaly nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda etýän atalyk aladalary barada hem-de köçe-ýol hereketiniň dügünleri, ýol hereketine howp salýan endikler dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi. Ýygnaga gatnaşanlar şeýle ajaýyp zamanada ýaşamaklyga zähmet çekmeklige giň mümkinçilikler döredip beren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.