Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
«Gazpromyň» soňky wagtlarda durmuşa geçirilen turbageçiriji taslamalary basyşyň başga derejesine niýetlenen — «Bowanenkowo-Uhta» (120 atmosfera basyşy ýa-da 11,8 Mpa), «Sibiriň güýji» - 9,8Mpa (100 atm).
«Turbageçiriji ulag ulgamyny ösdürmek bilen bagly biziň kesgitli kararlarymyz bar. Megerem, siz ýurduň öňümizde goýan wezipesi barada eşidensiňiz we bu wezipäni biz hem kesgitledik.Ýagny, bu wezipe — basyşy 150 atmosfera deň bolan gaz ulag ulgamyny döretmek. Bu başga polatlar, bu diňe bir başga turba däl, önümleriň çylşyrymly toplumy. Ol gazulag magistrallaryny döretmekde ulanylýar» - diýip, Aksýutin belleýär.
Onuň sözlerine görä, «Gazpromyň» poligonynda eýýäm diametri 1220 mm bolan «Sewerstal» turbalary synagdan üstünlikli geçirildi.
«Biz eýýäm bu hili turbalary ulanmakdan alynjak mümkinçilikleri görýäris. Biziň hasaplamalarymyz boýunça kapital çykdajylarynda bu bähbitli bolar. Bu şular ýaly gaz geçiriji ulgamlary döretmek bilen bagly täze ugry açýar: birleşdiriji detallar, berkidiji armatura we tutuş infrastruktura – diýip Aksýutin belleýär.