YLYM WE TEHNIKA
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Türkiýäniň we Owganystanyň wekilleri umumylykda jemi bahasy 15,9 mln dollar bolan 14,2 müň tonna gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Nebit önüminiň bahasy geçenki söwdalar bilen deňeşdirilende 7,8% ýokarlanyp, bir tonnasy 1müň121,25 dollara barabar boldy.
Owgan işewürleri umumy bahasy 1,6 mln dollara barabar bolan 3 müň tonna suwuklandyrylan gaz satyn aldylar. Suwuklandyrylan tebigy gazyň bahasy geçenki söwdalar bilen deňeşdirilende 3.4% ýokarlandy.