Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Bagtyýar geljegiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe     hormatly  Prezidentimiziň   parasatly   baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle beýik işleriň netijesinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Hakykatdanam, Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady sporta höwesjeň adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçinem sportuň jemgyýetdäki ähmiýetiniň uludygyna we ynsan saglygy üçin peýdalydygyna her ädimde göz ýetirmek bolýar. 

Sport — sagdyn durmuşyň gözbaşy. Sagdyn durmuş — bagtyýar geljegiň binýady. Ýaş nesilleriň sport we bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmagy diňe bir türgenleriň däl, eýsem, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegini üpjün edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  belleýşi   ýaly,    sport — munuň özi güýjüň, gözelligiň, saglygyň we belent ruhuň utgaşmasydyr. 

Ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir. 
Taýýarlan: Nargiza Seýtiýewa N8 sport mekdebiniň woleýbol boýunça talimçi-mugallymy