Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

BAE-niň işewürleri ABŞ-nyň 11,2 mln dollarlyk EKO-5 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldy

Sişenbe güni, 31-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 11,4 million dollaryk we 11,1 million manatlyk 5 geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
BAE-nyň wekili 10 müň tonna suw bilen arassalanan EKO-5 kysymly dizel ýangyjyny satyn aldy. Geleşigiň umumy bahasy $11,2 million boldy.
Şeýle hem Gyrgyzystandan gelen telekeçi boýalan tüýjümek önümlerini satyn almak barada şertnama baglaşdy. Owganystanly telekeçi söwdalarda ferula atly ösümlikden bölünip çykýan kakadylan şerbet suwy bolan asafetidany satyn aldy. 
Içerki bazarda ýerli telekeçiler dürli görnüşli nah ýüplükleri satyn aldylar.
Nebitgaz toplumy boýunça birža söwdalary duşenbeden anna günleri aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şol bir wagtyň özünde-de,  şu tmex.gov.tm salgydan  biržadaky harytlaryň satuwynyň dowamy bilen hem-de gönüden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp bilersiňiz. Şeýle-de biržadaky söwdalaryň satuwy barada bildiriş çap etmek hem mümkin.