Sport
Erjeller öňe saýlanýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşly döwründe türkmen sporty bedew
bady bilen öňe barýar. Biziň etrabymyzda hem sportuň agyr atletika görnüşi
boýunça türgenlerimiz Annamyradow Kakamyrat, Bakyýew Aýmyrat, Kuwwadow Polat, Kakamyradowa
Gülälek dagylar hem etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirlen ýaryşlarda
şowly çykyş edip häzirki wagtda Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň hatarynda geljekde geçiriljek Aziýa we Dünýä
ýaryşlaryna gatnaşmak üçin uly depginde taýýarlyk görüp gelýärler. Biz bu
türgenlerimize şol ýaryşlara gatnaşyp şowly çykyş edip türkmen tugumyzy has-da belende
galdyrmaklaryny arzuw edýäris. Bizi şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman
Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , ömürleri uzak bolsun
il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri
rowaçlyklara beslensin !
Taýýarlan: Aşyrow Garýagdy.
Sakarçäge etrabynyň
bedenterbiýe we sport bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň sportuň agyr atletika
görnüşi boýunça tälimçi mugallymy.