Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Sekiz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda  Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary öz beýanyny tapdy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, bu toplumyň düzümlerine gönükdirilen maýa goýum serişdelerini talabalaýyk özleşdirmegiň wajypdygy, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmak üçin önümçilige häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek, geologiki-gözleg, seýsmiki-gözleg we buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen täze nebitgaz ýataklaryny açmak we özleşdirmek babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisi, şeýle hem şu ýylyň 26 — 27-nji oktýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly ХХVII halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ony jemläp, milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin her bir zähmet köpçüliginiň has-da tijenip işlemelidigine ünsi çekmek bilen, her bir gazanylýan üstünligiň, ýetilýän sepgidiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň uly baýramçylygyna – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllygyna mynasyp toý sowgady boljakdygyny belledi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.