Sport
Dzýudo boýunça Mary welayatynyñ çempionaty geçirildi
Dekabr ayynyn 21-22-si aralygynda, Mary şäheriniñ 2-nji sport mekdebinde Dzýudo boýunça 2008-2011-nji ýyllar aralygynda dogulan ýaşlaryñ arasynda Mary welayatynyñ çempionaty geçirildi.
Bu ýaryşa Ýolöten etrabynyñ, Baýramaly etrabynyñ, Baýramaly şäheriniñ, Mary etrabynyñ, hemde Mary şäheriniñ 4-nji sport mekdebiniñ hemde 7-nji sport mekdebiniñ türgenleri gatnaşdylar.
Geçirilen bu ýaryşda, Mary şäheriniñ 2-nji sport mekdebiniñ türgenleri baýrakly birinji oruna mynasyp boldular. Baýrakly ikinji oruna Baýramaly şäheriniñ türgenleri, üçünji oruna bolsa, Ýolöten etrabynyñ türgenleri mynasyp boldular.
Ýaryşda ýeniji bolan türgenlere, Mary welayatynyñ bedenterbiýe we sport baradaky baş müdürliginiñ, hemde Mary welayatynyñ Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan sowgatlar hemde hormat hatlar bilen sylaglandy.
Taýýarlan: Kuwwat Orazow Baýramaly şäheriniñ bedenterbiýe we sport baradaky bölüminiñ başlygy.