Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

ÝB-niň energetika ministrleri gazyň iň ýokary çäk bahasy babatda umumy pikire gelip bilmediler

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň energetika ministrleri anna güni düşünişmezligi aradan aýryp, sowuk möwsümiň ýakynlaşyp gelmegi bilen energiýa geçirijileriniň bahalarynyň artmagy netijesinde rus gazy meselesi boýunça umumy pikire gelip bilmediler. Birnäçe ýurtlar bu babatda garaýyşlaryny üýtgetmekden ýüz öwürdiler diýip, Interfaks habar berýär.
«ÝB-niň 27 agza döwletiniň energetika ministrleri rus tebigy gazy üçin bahalaryň ýokary çäk meselesi babatda düşünişmezligi aradan aýryp bilmediler, çünki garaýşyny üýtgetmek islemeýän Wengriýa bu ýagdaýyň öz bähbitlerine ters gelýändigini beýan etdi» diýip, Associated Press agentligi habar berýär.
Mundan başga-da, beýleki ýurtlar bahalaryň ýokary çäk syýasatynyň diňe Russiýa babatda ulanylmagy ýa-da beýleki ýurtlara hem degişliligi babatda hem bir pikire gelip bilmediler.
Agentligiň maglumatlaryna görä, her bir ýurduň energetika babatda öz hakykatynyň we aýratynlyklarynyň bardygyny nazara alyp, käbir ministrler ylalaşyk gazanmagyň ýeňil bolmajakdygyny boýun aldylar. Şol bir wagtda, ministrler häzir wagtyň esasy ähmiýete eýedigi babatda ylalaşdylar, çünki ýurtlar esasy hyzmatlar — ýylylyk we ýagtylyk bilen üpjün etmeli.
GFR-niň ykdysadyýet we howany goramak ministri Robert Habegiň belleýşi ýaly, tebigy gazyň bahasyny energiýanyň beýleki görnüşlerinden — energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinden hem-de bazar gurallaryny bozmazdan tapawutlandyrmagyň usulyny tapmak zerur.
Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň, öz gezeginde, belleýşi ýaly, «ÝB ýurtlaryna energetika bilen bagly esasy meseleleri çözmek üçin ýene-de birnäçe duşuşyklary geçirmek gerek».
Garaşylyşy ýaly, geljek hepdede Ýewrokomissiýa geňeşiň barşynda ministrler tarapyndan hödürlenilen teklipleri umumylaşdyrar we soňrakky hereketler boýunça gutarnykly hereketleri taýýarlar.