Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Mary welaýatynda eminleri saýlap-seçip almak bilen bagly okuw-maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Eminler bölümi bilen Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramagynda Mary şäherinde ýaş eminleri seçip-saýlap almak bilen bagly okuw-maslahaty geçirildi. 
Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň mejlisler otagynda geçirilen okuw-maslahatynyň esasy maksady Mary welaýatynyň çägindäki sport mekdeplerde zähmet çekýän ýaş tälimçileri, sport mekdepleriniň uly ýaş toparlaryndaky eminlige höwesi bolan ýaşlary bu ugra gönükdirmekden ybarat boldy. 
Onuň dowamynda gatnaşyjylar futbol eminligi barada giňişleýin düşündiriş aldylar. Gatnaşyjylar bilen alşylan sorag-jogaplar ýaş hünärmenlere bahasyna ýetip bolmajak tejribe boldy. 
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bu ugurdaky işleri şu ýylyň dowamynda paýtagtymyzda hem-de beýleki welaýatlarymyzda-da dowam eder. 
Geçirilýän okuw-maslahatlarynyň netijesinde, 2025-nji ýylda ýaş eminleri TFF-niň guraýan dürli ýaryşlarynda, has tapawutlananlary bolsa ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň, Kubok bäsleşikleriniň duşuşyklarynda eminlige saýlanmaga mümkinçilik alarlar. 
Ýaş futbol hünärmenleridir tejribeli eminleriň 20 töwereginiň gatnaşmagynda geçirilen okuw-maslahatynyň gözükdirijisi hökmünde TFF-niň Eminler bölüminiň başlygy, KAFA-nyň gözükdirijisi Çarymyrat Gurbanow hem-de halkara derejeli emin Ahmet Begnazarow çykyş etdiler

Atajan Mämmedow Baýramaly etrabynyñ N2 Sport mekdebiniñ tälimçisi