Sport
«Talyp sporty» talyplaryň arasynda futzal boýunça geçirilen ýaryşyň ýeňijisi boldy
Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV uniwersiadanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň futzal toparlarynyň arasyndaky jemleýji duşuşyklar geçirildi.
Ýurdumyzyň Ýokary okuw mekdepleriniň 18-siniň gatnaşmagyndaky bäsleşikde ilki deslapky duşuşyklar geçirildi. Onuň netijesinde toparlaryň 8-si toparçalaryň ikisinde bäsleşdiler.
Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň “Talyp sporty” hem-de Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň “Gara Altyn” toparlary aýgytlaýjy duşuşykda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar. Final duşuşygynda netijeli çykyş eden «Talyp sporty» topary 4:1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi» topary ýaryşy üçünji orunda tamamlady.