Sport
Türkmenistanyň futbol çempionaty-2024-iň jemi jemlenildi
27-njy dekabrda 32-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024-iň jemi jemlendi. Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” bilen “Köpetdag” toparlary duşuşdylar. “Sport toplumy” stadionynda geçirilen duşuşyk 4:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
Ýeri gelende bellesek, «Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy. Wladimir Baýramowyň tälim berýänleri çempionatyň dowamynda ýeke utuk ýitirmezden çempion bolmagy başardylar.
Ikinji orny wagtyndan öň «Ahal» topary (67 utuk) eýelän bolsa, «Altyn Asyr» topary (59 utuk) çempionaty üçünji orunda tamamlady.
Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 31-sini geçiren “Arkadag” toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýeledi. D.Durdyýewiň topardaşlary Altymyrat Annadurdyýew (24 top) bilen Begenç Akmämmedow (19 top) sanawda ikinji, üçünji orunlary eýelediler.
32-nji tapgyryň senesi süýşürilen duşuşygy:
“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 4:0
Gollar: 16, 47, 64 Arslan Saparow, 86 Röwşengeldi Halmämmedow (“Altyn Asyr”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)
Duşuşygyň emini: Jumamyrat Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Eziz Ýazmyradow (Aşgabat ş.), Mergen Allaberdiýew (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ýusup Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Geldi Öwezow (Aşgabat ş.)