Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.
Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen kärdeşini mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanylan ynamly ýeňşi bilen gutlady hem-de iň ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlygyny beýan etdi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirip, hytaý Liderine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz HHR-iň Kommunistik partiýasynyň öňde boljak XX gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de onda kabul ediljek möhüm çözgütleriň doganlyk Hytaýyň syýasy, ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Häzirki wagtda ýurtlaryň ikisi hem strategik gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, diňe bir işjeň ösdürmek bilen çäklenmän, halkara giňişlikde-de netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Duşuşygyň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy beýan edildi. 
Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň Daşary işler ministrliklerine “Ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Oňa ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de hökümetara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipler girizilse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi
Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba alyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.
Şeýle-de, “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyny “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” konsepsiýasy bilen utgaşdyrmak hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meselesine garamaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.
Şunuň bilen birlikde, taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki durmuş ähmiýetli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Iki döwletiň Baştutanlary hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki dostlukly ýurduň bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.