Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanyň we Gazagystanyň Daşary işler ministrleri ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Şol bir wagtyň özünde, daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary halkara gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de sebit we halkara gurluşlaryň çäklerindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini tassykladylar.