Gahryman Arkadagymyz ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş edip, şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr eýelejekdigini belledi.
2025-nji ýylda Monako «Dünýäniň sport paýtagty» diýlip yglan edildi. Bilşimz ýaly, Türkmenistanda bolsa bu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz sportuň Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakdaky möhüm ornuna ünsi çekdi.