Sport
TFF-niň hem-de Portugaliýanyň Futbol Federasiýasynyň wekilleriniň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň wekilleriniň hem-de Portugaliýanyň Futbol Federasiýasynyň tehniki direktorynyň we tehniki direktorynyň orunbasarynyň arasynda onlaýn-duşuşyk geçirildi.
Taraplar PFF bilen çagalar-ýetginjekler futboluny ösdürmäge we zehinleri ýüze çykarmaga ýardam berjek meýilnamany işläp düzmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada maslahatlaşdylar.
Taraplar ikitaraplaýyn maslahaty dowam etdirmek barada ylalaşyga geldiler.