Taraplar iki ýurduň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler barada pikir alyşdylar. Şu nukdaýnazardan, Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek EXPO 2025 Bütindünýä sergisine türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy we onuň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň guralmagy bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ugurlarda, şol sanda gaz pudagynda we himiýa senagatynda özara gatnaşyklaryň köp ýyllyk tejribesini toplandyklaryny nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtadylar.