Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

BASKETBOLDA ÜSTÜNLIK

Basketbol ýaryşlarynda birinjiligini almak ugrundaky bäsleşige aýratyn orun degişlidir. Birinjiligi  almak her bir toparyň baş arzuwydyr.
Ýakynda Mary şäheriniň №5 sport mekdebinde  sportuň basketbol görnüşi boýunça Mary welaýatynyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň  tälimçi-mugallymy Ahmet Ýusupowyň taýýarlaýan türgenleri gatnaşyp, 8 toparyň arasynda  II orna mynasyp boldular.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir. Halkymyzyň bagtly-bagtyýar ýaşaýşyny kemala getirmekde, her bir raýatymyzyň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny siňdirip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn. 

Taýýarlan: Röwşen Habyrow Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň tälimçi mugallymy