Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

SPORT MEKDEBIŇ ÝARYŞLARY

2025-nji ýylyň fewral aýynda Mary şäheriniň №5 sport mekdebinde sportuň futbol, erkin göreşi, kikboksing görnüşi ýaly görnüşler boýunça Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň birinjiligi geçirildi. Sport mekdebiň birinjiligine jemi 56 türgen gatnaşyp 9-sany altyn, 10-sany kümüş, 8-sany bürünç medala eýe boldylar. Ýaryş örän çekelişikli we örän gyzykly geçdi.
Şol ýaryşa Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň  tälimçi-mugallymy Maksat Gurbanowyň taýýarlaýan türgenleri gatnaşyp, 8 toparyň arasynda  II orna mynasyp boldular.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir. Halkymyzyň bagtly-bagtyýar ýaşaýşyny kemala getirmekde, her bir raýatymyzyň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny siňdirip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn.  

Taýýarlan: Annamyrat Goşanyýazow Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň tälimçi mugallymy.