Sport
Mary şäheriniň №5 sport mekdebi
Mary şäheriniň №5 sport mekdebi, Mary şäheriniň
Güneş şäherçesinde ýerleşip, sportuň 10 görnüşi boýunça türgenleşik işleri
alnyp barylýar. Ýagny, sportuň futbol, basketbol, ýeňil atletika, dzýu-do
göreşi, grek-rim we erkin göreşi, çeper gimnastika, kikboksing, taekwon-do ITF
hem-de suwda pökgi oýnamak görnüşleri bar.
Sportuň dzýu-do göreşi görnüşi boýunça ilki başda
9-10 ýaşdaky ýetginjekleri ene-atalarynyň razylygy we lukman gözegçiliginden
geçirilenden soňra türgenleşige kabul edilýär. Birnäçe wagtyň dowamynda
türgenleşik geçirilenden soň, barlag-synaglaryndan geçirilip, oňat netije
görkezen türgenleri geljek okuw-türgenleşik ýylyna geçirilýär. Wagtyň geçmegi
bilen topardaky işjeň türgenleri şäher, etrap, welaýat derejesinde geçirilýän
ýaryşlaryna gatnaşdyrylýar. Ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan
toparlaryň türgenleri hormat haty we medallar bilen sylaglanýar hem-de
ýaryşlara yzygiderli netije görkezen türgenlere sport mekdebi tarapyndan sport
atlary we razrýadlary berilýär.
Mundan başga-da, ýokarda görkezilen sportuň
beýleki görnüşlerinde hem Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary hakynda
Birkysmy düzgünnama laýyklykda degişli ýaşlary boýunça türgenler sport mekdebine kabul edilýär.
Taýýarlan: Şemşar Gurbanowa Mary şäheriniň N5 sport mekdebiniň oku-sport işleri boýunça direktoryň orunbasary