Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Ilkinji çempionatyň ýeňijileri

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň bilelikde guramagynda MMA «
D
raka» boýunça Türkmenistanyň ilkinji çempionaty geçirildi. 
Ýaryşyň jemleýji duşuşyklary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.
52 kilogram agram derejesinden başlanyp, 95 kg-den ýokary agrama çenli guralan tutluşyklar ýurdumyzyň iň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Bu ýerde tejribeli tälimçi Orazgeldi Orazgeldiýewiň şägirtlerinden ybarat bolan toparyň umumy hasapda birinji orny eýeländigine aýratyn ünsi çekmek gerek. 52 kilogram agram derejesinde Döwran Orazgeldiýew tapawutlansa, 55 kg-de halkara ýaryşlaryň ençemesini üstünlikli jemlän Şöhrat Orazgeldiýew çempion boldy. 60 kg-de Atamyrat Gurtgeldiýew, 65 kg-de Meýdan Aşyrgulyýew, 90 kg agramda bolsa Muhammetguly Orazgeldiýew dagy ýeňiji boldy.
Taýýarlan: Gulmyrat Gulow Mary şäheriniň N4 sport mekdebiniň sportuň Hapkido görnüşi boýunça tälimçisi