Sport
Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň derwezeçisi CAFA-2025 çempionatynyň iň gowy derwezeçisi diýlip ykrar edildi
Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň derwezeçisi Malika Eminowa Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň (CAFA) 2025-nji ýyldaky çempionatynda
iň ökde derwezeçi diýlip ykrar edildi.Duşanbe şäherinde geçirilen sylag gowşuryş dabarasynyň dowamynda Malika Eminowa şahsy baýragy gowşuryldy.
Eýranyň ýygyndysynyň hüjümçisi Maral Torkaman çempionatyň iň ähmiýetli oýunçysy diýlip ykrar edildi. Ol ýaryşda 10 gol geçirip, CAFA-2025 çempionatynyň iň köp gol geçiren oýunçysy boldy. Gyrgyzystanyň ýygyndysy adalatly oýun geçirendigi üçin baýrak bilen sylaglandy (Fair Play).
CAFA-2025 çempionatynyň oýunlaryna türkmen hünärmenleri: FIFA-nyň eminleri Timur Ramazanow we Merjen Bagşyýewa, şeýle hem AFC-niň halkara instruktory/inspektory Wadim Baratow gatnaşyp, olar hem ýörite baýraklar bilen sylaglandylar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy geçirilen halkara ýaryşynyň jemi boýunça dördünji orna mynasyp boldy.