Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Ýurdumyzda açyk we maýyl howanyň bolmagyna garaşylýar

Bu hepdäniň başlanmagy bilen, Türkmenistanda açyk we maýyl howa bolar diýlip çak edilýär. Köplenç güneşli gün bolar, bu bolsa arassa howada işlemek we dynç almak üçin amatly şertleri döreder. Gijelerine gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy ähtimal, ýöne ol ujypsyz bolar we ýurdumyzyň sebitlerine gyradeň düşmez.
Aşgabatda wagtal-wagtal üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +14 gradusa çenli maýlar we gijelerine 0…+2 gradus bolar. Dynç günleri käbir ýerlerde ygalyň düşmegi mümkin.
Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy hepdäniň başynda gündizlerine +14 gradus, gijelerine bolsa 0…+4 gradus bolar. Dynç günleri käbir ýerlerde ýagyş ýagmagy mümkin.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +9...+14 gradus, gijelerine +2...+6 gradus bolar. Ýagyş ýagmak ähtimallygy az.
Mary welaýatynda bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda ýagyş ýagmagy mümkin. Howanyň temperaturasy gündizlerine +11… +13 gradus, gijelerine +1… +2 gradus bolar.
Lebap welaýatynda bulutly howa bolar. Howanyň temperaturasy gündizlerine +10…+11 gradus, gijelerine 0…+1 gradus bolar. Käbir ýerlerde gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gündizlerine +5…+7 gradus, gijelerine –3 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda az-kem ýagyş ýagar diýlip çak edilýär.