Sport
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdaky konferensiýasy geçirildi
Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdaky konferensiýasy geçirildi.
FIFA-nyň, AFK-nyň, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen konferensiýada geçen möwsümiň jemleri, geljek möwsümde edilmeli işler bilen birlikde, köp ugurdaky meselelere garaldy.
Konferensiýada TFF-niň başlygy, Baş sekretary we beýleki degişli hünärmenler çykyş etdiler. Konferensiýanyň dowamynda çykyş eden TFF-niň başlygy Guwançmuhammet Öwekow ýurdumyzda futboly ösdürmekde saldamly işleriň alnyp barylýandygyny belläp, bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de, konferensiýada TFF-niň başlygynyň, başlygynyň orunbasarlarynyň, TFF-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Dört ýyl möhlet bilen TFF-niň başlygynyň wezipesine G.Öwekowyň biragyzdan saýlanandygyny bellemek gerek. TFF-niň başlygynyň birinji orunbasarynyň wezipesine Rahat Garajaýew, TFF-niň ikinji orunbasarynyň wezipesine bolsa Nazar Çöliýew saýlanyldylar.
Geçirilen konferensiýada Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak maksady bilen ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy bellenilip geçildi. Şol bir wagtda ýurdumyzda futboly ýokary derejä çykarmakda hem köp işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellenildi.
Umuman, geçirilen konferensiýa sport ýurduna öwrülýän eziz Watanymyzda futboly ösdürmekde Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem saldamly goşant goşýandygyny aýdyňlygy bilen görkezdi.