Aşgabatda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri bilen Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Ýokary bilim ulgamynda, hususan-da, iňlis dilini okatmagy, mugallymlary taýýarlamak maksatnamasyny kämilleşdirmek hem-de akademiki alyşmalar babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri esasy üns merkezinde boldy.
Duşuşyk Britaniýanyň ýokary okuw mekdebiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň grantly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýokary okuw mekdebinde Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri türkmen mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçirdiler. Bu başlangyjyň esasy maksady iňlis diliniň okadylyşynyň hilini ýokarlandyrmakdan, akademiki hyzmatdaşlygy berkitmekden hem-de okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, bilelikdäki barlag taslamalaryny işläp taýýarlamagyň we sanly bilim gurallaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar. Iňlis dili mugallymlar üçin ussatlyk sapaklarynyň hem-de okuw maslahatlarynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi, şolar okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, bilim berliş işine innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we medeni hem-de akademiki ösüşlere ýardam etjek talyp we mugallym alyşmalarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de iňlis diliniň okadylyşyny döwrebaplaşdyrmak boýunça garalan başlangyçlary goldaýandygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda okuw maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we sanly ulgamynda Nottingem Trent uniwersitetiniň bilermençilik bilimlerine hem-de tejribelerine ýokary baha berildi. Taraplar bilelikdäki bilim maksatnamalaryny döretmegiň we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Nottingem Trent uniwersiteti bilelikdäki başlangyçlaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdiler we ýakyn ýyllarda hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Duşuşyk halkara akademiki aragatnaşyklary giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk arkaly ýokary bilim ulgamyny pugtalandyrmagy maksat edinýändigini görkezdi.