P.Durdyýew Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky kararnamasynyň biragyzdan kabul edendigini aýtdy. Şu ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem bellenilýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylukda, Ilçi Lýu Bine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň we Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çžao Lesziniň adyna ýollanan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň halkara forumyna resmi çakylyk hatlaryny gowşurdy.