Sport
Neýmar burçdan ajaýyp gol geçirdi
Şu gün FK «Santos» ýeňillik bilen FK “Internasional Limeýra” toparyny utdy.Oýunyň gahrymany öz hasabyna 2 goly ýazdyryp bilen Neýmar boldy.
Geň ýeri, haçanda ol burçdan urgyny ýerine ýetirjek wagty “ýerli” janköýerler şowhun döredip, sygyrşyp başladylar, emma Neýmar olara has gatyrak sygyrmaklaryny yşarat etdi we burçdan topy garşydaşyň derwezesine geçireninden soňra, janköýerlere tarap seredip, ýylgyrdy.
• Oýunlary:6
• Gollary:2
• Ýardam paslary:3
• Sary kart:1
Bu netije Neýmaryň topar üçin esasy oýunçydygyny görkezip, onuň diňe bir gol geçirmek bilen çäklenmän, eýsem topardaşlaryna hem tapawutlanmana ýardam etýänliginiň subutnamasydyr. Onuň käwagt “duýduruş kartyny” almagy bolsa, meýdançada yhlasyny we göreşini aňladýar.
Neýmar 2026-njy ýylda Dünýä çempionatynda Braziliýanyň milli ýygyndysynda özüniň öňki ýagdaýyny gazanmak üçin jan edýär.