Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda geçirilen bäsleşigiň jemleýji, 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Kubok bäsleşiginiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda ýeňiji bolan “Arkadag” topary “Aşgabady” 4:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Arkadag şäheriniň adybir toparynyň Kubok bäsleşiginde geçiren ähli duşuşygynda ýeňiş gazanandygyny bellemek gerek. Wagtyndan öň ikinji orny eýelän “Ahal” topary soňky tapgyrda “Merw” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Bu deňligi “Merw” toparyna Kubok bäsleşigini üçünji hatarda tamamlamagyna mümkinçilik berdi. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Şagadam” topary “Nebitçiden” (1:0) üstün çykdy.
Geçirilen duşuşyklaryň yzysüresi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap geňeşligindäki “Sport desga” stadionynda ýeňiji bolan toparlaryň sylaglanyş dabarasy bolup geçdi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan geçirilen sylag gowşurylyş dabarasynda Kubok bäsleşiginiň jemi boýunça ilkinji üç orny eýelän toparlara baýraklary TFF-niň başlygynyň ikinji orunbasary Nazar Çöliýew bilen TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýew gowşurdylar.
TFF-niň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary: