Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýaş futbolçylaryň arasynda guralýan “Zehinler ligasynyň” Aşgabat sebiti boýunça 2-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde ýaryş tertibinde öňe saýlanan toparlar belli boldy.
2009-2010-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda guralýan bäsleşigiň iki tapgyrynda hem ýeňiş gazanan “Altyn Täç”, “Diýar”, “Kuwwatly beden”, “Köpetdag” hem-de “Çandybil” toparlary toplan 6 utuklary bilen ýaryş tertibinde öňdäki orunlary eýeleýärler.
Ikinji tapgyryň çäginde duşuşyklaryň 8-siniň geçirilendigini bellemek gerek. “Zehinler ligasynyň” üçünji tapgyrynyň duşuşyklary 1-nji hem-de 2-nji martda geçiriler.