Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “2025 - Halkara Parahatçylyk we Ynam ýyly” atly Karanamasynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Bu Kararnama, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlen döwletara gatnaşyklarynyň filosofiýasynyň logiki dowamy we durmuşa geçirmegiň aýdyň beýan bolup durýar.
Şu ýyl, Türkmenistanyň 1995-nji we 2015-nji ýyllardaky BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygynyň yglan edilmeginiň 30 ýyly dolýar. Şol bir wagtyň özünde, 2025-nji ýyldaky şanly seneler – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygy we BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy barada bellenildi.