YLYM WE TEHNIKA
«Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň işgärleri ýokary önümçilik görkezijilerini gazanýarlar
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri has-da netijeli zähmet çekýärler. Olar konserniň Günbatar sebitiň çäklerindäki nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmekde saldamly işleri bitirýärler.
Munuň şeýledigine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýetilýän belent sepgitler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda tresti boýunça guýularyň 39-synda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Olaryň 33-si bolsa gaýtadan önüm berýär. Şeýle-de şu döwürde goşmaça 1 müň 675 tonna «gara altyn» alnyp, degişli meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Ýokary üstünligiň gazanylmagynda trestiň «Goturdepeguýularydüýpliabatlaýyş», «Barsagelmezguýularydüýpliabatlaýyş» müdirlikleriniň abatlaýjylary mynasyp goşantlaryny goşdular. Agzalan müdirlikleriň her biri boýunça abatlaýyş işleri geçirilen guýularyň sany 18-e barabar boldy. Şonuň ýaly-da gürrüňi edilýän senagat kärhanalarynyň her birinden degişlilikde 15 guýy gaýtadan önümçilik hataryna goşuldy. Şolaryň hasabyna-da 1 müň 490 tonna «gara altyn» goşmaça alyndy.
Hünärmenleriň gürrüň bermeklerine görä, «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» tresti boýunça gazanylýan üstünliklerde döwletimiz tarapyndan daşary ýurtlardan satyn alnyp berlen kuwwatly tehnikalardyr enjamlaryň derwaýys ähmiýeti hasam uludyr. Sebäbi nebitgaz guýularyny düýpli abatlaýjylaryň amala aşyrýan çylşyrymly, juda jogapkärli hem giň möçberli işlerinde täze, döwrebap tehnikalar we enjamlar olaryň ygtybarly daýanjy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynda satyn alyp beren «LG C360» kysymly maýyşgak nasos kompressor turbaly tehnikalar toplumynyň üçüsini hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Häzirki zaman dünýäsiniň bu öňdebaryjy, kämil tehnikalary trestiň müdirlikleriniň düzüminde ozaldan hereket edip gelýän, Hytaýdan, Russiýa Federasiýasyndan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Germaniýadan alnan tehnikalaryň üstüni ýetirdi.
Abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanyp, önümçilik meýilnamalaryny abraý bilen berjaý edýärler. Bu bolsa olaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden belleniljek hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna zähmet sowgatlary bilen barýandyklaryna aýdyň güwä geçýär.