Sport
Ugur — üstünlige tarap
Ugur — üstünlige tarap
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşlary sporta çekmekde taýsyz tagallalar edilýär. Ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda bolsa, tälimçilere aýratyn orun degişlidir. Tälimçisiniň öwredýän sapaklaryny üns bilen diňläp, ussatlyga eýe bolmagy arzuwlaýan türgenleriň biri-de Sakarçäge etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Begenç Öwezowdyr.
Begenç sport bilen meşgullanmagy gowy görýär. Esasan-da, ol sportuň küşt görnüşine aýratyn üns berýär. Onuň küşde bolan höwesiniň bardygyny bilen ene-atasy Begenji Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebine tälim almaga berýär. Ol 2014-nji ýyldan bäri şol mekdebiň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alyp, küşdüň göçümleriniň inçe syrlaryny içgin öwrenýär. Ýaş küştçi welaýat, etrap, şäher derejesinde küşt boýunça geçirilýän ýaryşlarda baýrakly orunlary eýeleýär. Has takygy, Begenç 2016-njy ýyldan bäri welaýatyň birinjiliginde 1-nji orny elden berenok.
B.Öwezow üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde 16 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda küşdüň “Standart” görnüşi boýunça 3-nji, “Rapid” görnüşi boýunça 1-nji orunlary eýelemegi başardy. Begenjiň gazanan bu üstünligi diňe bir ony däl, eýsem, onuň tälimçisini, ene-atasyny hem begendirdi.
Biz hem zehinli küştçi Begenç Öwezowa ýurdumyzyň sport abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda gazanýan üstünlikleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.