SYÝASAT
Serdar Berdimuhamedow haj zyýaraty mynasybetli toý sadakasyny berdi
17-nji Iýunda Mary welaýatynda saparda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti bu welaýatdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda köpçülikleýin çäreleri geçirmäge niýetlenen täze binanyň açylyşyna gatnaşdy.
Täze binada döwlet Baştutanynyň ýakynda haj zyýaratyny berjaý etmegi mynasybetli toý sadakasy berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti sadakada söz sözläp, ýakynda Mekge-Medinede bolup, ol ýerde haj zyýaratyny berjaý edendigini, şonda ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkyň hemişe abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin ýagşy doga-dilegleriň edilendigini aýtdy.
Toý sadakasy tamamlanandan soňra hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara we ähli watandaşlaryna hoşniýetli arzuwlar bilen ýüzlendi:
– Goý, Beýik Biribar berlen toý sadakasyny hem-de okalan dogalary kabul etsin! Goý, sahawatly türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we abadançylyk berkarar bolsun!
Soňra döwlet Baştutany täze binadan çykyp, Mary welaýatynyň häkimine täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Habar berşimiz ýaly, şu aýyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynda bolup, umra haj zyýaratyny berjaý etdi.