2025-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan brifing geçirildi.
Çärä Bahçeşehir uniwersitetiniň hem-de Stambul şäherindäki ýokary okuw mekdepleriniň “Türk dünýäsi” klubynyň ýolbaşçy düzümi, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň talyp ýaşlary, şeýle hem ýerli KHBS-iň habarçylary gatnaşdylar.
Şonuň bilen birlikde, möhüm şanly wakalaryň – Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň utgaşyp gelmeginiň 2025-nji ýylyň ähmiýetini has-da artdyrjakdygy bellenildi.