SYÝASAT
Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, dizel we peç ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 14 million 140 müň dollaryna barabar boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 27 million 619 müň manatdan gowrak bolan “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki kükürdi, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, gutluşyk serişdelerini, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.