2025-nji ýylyň 15-nji martynda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝUNISEF-iň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi çagalaryň saglygyny saklamaga we berkitmäge, olaryň hukuklaryny goramaga, şeýle hem doly derejeli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen köp sanly taslamalarda we başlangyçlarda öz beýanyny tapdy.
O.Atabaýewa Haýyr-sahawat gaznasynyň işi we geljekki başlangyçlary, şeýle hem Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara edilen ýüzlerçe operasiýalary we lukmançylyk hyzmatlaryny nazara almak bilen, onuň işiniň netijeleri barada gürrüň berdi.
Mundan başga-da, taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli geçirmegi meýilleşdirilýän maslahata taýýarlyk görmek bilen bagly meselelere garadylar.