Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan ýaş futbolçylaryň arasynda guralýan “Zehinler ligasynyň” Aşgabat sebiti boýunça 5-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Tapgyryň merkezi duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Köpetdag” bilen “Altyn Täç” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşyk 4:3 hasabynda “Altyn Täç” toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Gazanan bu ýeňşinden soň 12 utuk toplan “Altyn Täç” topary öňdäki orna geçdi. “Köpetdag” toparynyň hem 12 utuk toplandygyny bellemek gerek, ýöne “Altyn Täç” topary goşmaça görkezijileri netijesinde ýokarky orny eýeleýär. “Dostluk” toparyny 2:1 hasabynda ýeňmegi başaran “Kuwwatly beden” topary hem 12 utuk toplamagy başardy. Bu tapgyryň çäginde duşuşyklaryň 8-siniň geçirilendigini bellemek gerek.
2009-2010-nji ýyllarda doglan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda guralýan bäsleşigiň altynjy tapgyrynyň duşuşyklary 23-24-nji martda geçiriler.
V tapgyryň çäginde geçirilen duşuşyklarynyň netijeleri: