2025-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Latwiýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Döwlet sekretarynyň orunbasary – Latwiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň syýasy direktory Iwars Lasis bilen türkmen-latwiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň, forumlaryň we sergileriň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga itergi berýändigi nygtaldy.
Ykdysady, senagat, ylmy we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-latwiýa hökümetara toparynyň işini işjeňleşdirmegiň ähmiýeti bellenildi. Şu nukdaýnazardan taraplar ulag we ýokary tehnologiýalar ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alyşdylar.