Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow öz çykyşynda «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyň many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň bermek bilen, şahyryň döredijiliginiň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmekdäki ähmiýetini belledi.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şanly ýylda ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem giňden dabaralandyrylýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň ähmiýetine hem-de onuň ýer ýüzünde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmekde konstruktiw serişde hökmünde peýdalanylmagyna gatnaşyjylaryň aýratyn ünsi çekildi.