Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary mälim boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndy toparynyň 2026-njy ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary mälim boldy. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde “C” toparça düşen ýurdumyzyň zenanlar ýygyndy toparynyň garşydaşlary Mýanmanyň, Bahreýniň hem-de Bangladeşiň zenanlar ýygyndy toparlary bolarlar. Bu toparçadaky duşuşyklar merkezleşdirilen görnüşinde Mýanmada geçiriler. 
Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyrynda zenanlar ýygyndylaryň 33-si toparçalaryň 8-sinde çykyş ederler. Toparçalaryň 6-sy 4 ýygyndydan, 2 toparça bolsa ýygyndylaryň 5-sinden ybarat bolar. Aziýa Kubogy – 2026-nyň saýlama tapgyry şu ýylyň 23-nji iýuny bilen 5-nji iýuly aralygynda geçiriler. Saýlama tapgyrynyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşinde Täjigistanda, Kambojada, Indoneziýada, Iordaniýada, Mýanmada, Taýlandda, Özbegistanda hem-de Wýetnamda geçiriler.