Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklarynyň, şeýle hem soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge we pugtalandyrmaga bolan konstruktiw meýillerini nygtadylar.
Özara gyzyklanma eýe bolan sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerine hem garaldy. Şu nukdaýnazardan, taraplar ýakyn günlerde Samarkant şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän birinji Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler köp asyrlyk dostluk ýörelgelerine, doganlyk halklaryň ruhy, taryhy we medeni umumylyklaryna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.