2025-nji ýylyň 25-26-njy martynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti Allaberdi Aşirow ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki edara binasynda geçirilen Ylmy diplomatiýa boýunça global ministrler dialogyna gatnaşdy. Dialog Durnukly ösüş üçin halkara ylmy onýyllygyň (2024–2033) çäginde guraldy we ählumumy kynçylyklary çözmekde, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde we durnukly ösüş ýörelgelerini ösdürmekde ylmy diplomatiýanyň ähmiýetini ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli künjeklerinden ministrleri, diplomatlary we öňdebaryjy alymlary ýygnady.
Çäre “Çalt üýtgeýän dünýäde ylmy diplomatiýa: erkekleriň we zenanlaryň aňynda parahatçylygy berkitmek” şygary astynda geçirildi. Mejlisleriň dowamynda gatnaşyjylar ylmy hyzmatdaşlyk, ylmy maglumatlaryň elýeterliligi, gözleg howpsuzlygy we parahatçylykly dialogyň guraly hökmünde ylmyň ulanylmagy bilen baglanyşykly möhüm meselelere garadylar.