Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Dokuz aýyň jemlerine garaldy

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de toplumy ösdürmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanowyň ýolbaşçylygynda geçirilen hasabat ýygnagynda  Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory M.Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Çykyşlarda şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri seljerildi, şeýle-de «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary barada giňişleýin pikir alşyldy we degişli teklipler orta atyldy. Çykyş edenler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň öňünde goýlan wezipeler, hususan-da, nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny netijeli ulanmak hem-de maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň hasabyna uglewodorod serişdeleriniň täze gorlaryny açmak, nebiti we tebigy gazy düýpli gaýtadan işlemek, kärhanalaryň doly güýjünde we bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin önümleriň möçberlerini artdyrmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, şeýle-de toplumda işleri talabalaýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmek babatda berlen tabşyryklar hem-de olary ýerine ýetirmegiň ýollary hakynda giňişleýin durup geçdiler.
Ýygnagyň dowamynda tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş möwsümine taýýarlyk çäreleriniň ýokary hilli geçirilmegi, 26-27-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» atly ХХVII halkara maslahatyna görülýän taýýarlyk, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyny dowam etmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ony jemläp, öňde duran wezipelere ýygnananlaryň ünsüni çekmek bilen, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň golaýlap gelýän uly baýramçylygyny – hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 27 ýyllygyny hem-de Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň hünär baýramçylygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamak babatda olara üstünlikleri arzuw etdi.
Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew gatnaşdy.