2025-nji ýylyň 10-nji aprelinde kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň (KISA) degişli wekilleri gatnaşdy.
Duşuşygyň barşynda Koreýa Respublikasynyň Internet we maglumat howpsuzlygy agentliginiň wekilleri ýurtda geçirilýän halkara çärelere hem-de türgenleşik okuwlaryna türkmen tarapynyň hem gatnaşmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar. Taraplar bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp geçdiler.