2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyzstandaky Ilçihanasy 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre gurady.
Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatda gazanan üstünlikleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça ýurduň halkara guramalarynyň çäginde öňe süren başlangyçlary barada gürrüň berildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde geçirilen çärelere aýratyn üns berildi.