2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Italiýanyň Aziýa instituty bilen bilelikde Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasy tarapyndan gurnalan “Dünýäde dialog, ynanyşmak, parahatçylyk, howpsuzlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda BMG-niň 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmeginiň inklýuziw, adalatly we durnukly dünýäni gurmaga mümkinçilik berýändigi bellenildi. Şeýle hem, Türkmenistanyň başlangyjynyň ähli döwletleri dünýä tertibiniň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işi başlamaga çagyryş bolup durýandygy bellenildi.