Duşuşygyň dowamynda hemmetaraplaýyn strategiki we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolan üstünlikli ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meselelerine garamak bilen, diplomatlar söwda-ykdysady ugurdaky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny bellediler, energetika, ulag-aragatnaşyk arabaglanyşygy we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň barşyny seljerdiler.
Şeýle hem diplomatlar halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň netijelidigini nygtadylar. “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň hem netijelidigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar 2025-nji ýylda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.